«Chevrolet Camaro» awtomobil önümçiliginiň taryhynda iň şowly çykan ulaglaryň biridir. Ol «Mustanglar» bilen birlikde amerikan awtoöndürijiliginiň iň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýar.
Häzirki wagtda ulagyň 2015-nji ýyldan bäri öndürilýän 6-njy nesli satylýar. Ol hem, öz gezeginde, birnäçe ýyl bäri dünýäniň iň gowy awtomobilleriniň hataryndadyr. Oňa garamazdan, kompaniýanyň wise-prezidenti 2024-nji ýylyň ahyrynda bu meşhur ulagyň iň soňky wekiliniň öndüriljekdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde ulagyň täze nesliniň tanyşdyrylmandygy kompaniýanyň müşderilerini nägile etdi. Oňa garamazdan, wise-prezident Skott Bell awtomobiliniň taryhynyň geljekde has uly bat bilen dowam etjekdigini hem nygtady.
Häzirki wagtda «Camaro-nyň» bazardaky iň kuwwatly ulagdygy bellenmäge mynasypdyr. Onuň 2015-nji ýyldan bäri öndürilýän görnüşleriniň içinde kämilleriniň 3,7 sekuntda 100 km/sag ýetmäge ukyplydygy nygtalýar. Emma adaty «Camaro-lar» hem bu tizlige 20 sekuntdan köp wagt sarp etmän ýetip bilýärler.