Nissan kompaniýasy ösüş strategiýasyny täzeledi we ählumumy model liniýasyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny hem-de awtoulaglarynyň 90%-ine emeli aňy ornaşdyrjakdygyny yglan etdi.
Esasy üns Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň bazarlaryna gönükdiriler, model hatary bolsa meşhur krossoverleriň täze nesilleri we gaýtadan dikeldilen Xterra ýolsuz ýerde sürülýän ulagy (wnedorožnik) bilen doldurylar. Tanyşdyryşyň dowamynda awtoöndüriji maýa goýumlaryny geljegi uly ugurlara gönükdirjekdigini we pes görkezijili modellerden el çekjekdigini mälim etdi. Indi ähli modeller dört kategoriýa bölünýär:
-
Heartbeat (Innowasiýalar)
-
Core (Durnuklylyk)
-
Growth (Islegiň giňelmegi)
-
Partner (Hyzmatdaşlyk)
Esasy tehnologik üýtgeşmeleriň biri — eýýäm Hytaýda ulanylýan emeli aň gurallarynyň giň gerimli ornaşdyrylmagydyr; şu ýylyň tomsunda bolsa bu ulgam Ýaponiýa bazary üçin täze Elgrand miniweninde peýda bolar.
Kompaniýanyň garaşylýan täzelikleri:
-
Nissan X-Trail (Rogue): Täze nesil krossoveri e-Power ulgamy we iki sany elektromotorly güýçli gibrid gurnamasyny alar. Premýerasy şu ýylyň ahyryna çenli garaşylýar.
-
Nissan Juke: Täze nesilde bu model doly derejede elektromobile öwrüler we esasan Ýewropa bazaryna gönükdiriler.
-
Nissan Xterra: Ramaly ýolsuz ýerde sürülýän ulagyň dolanyp gelýändigi tassyklanyldy. Täze önüm täze platformada gurlar, V6 dwigatelini (mümkin, gibridiň düzüminde) alar we ramaly ulaglaryň bitewi maşgalasynyň ilkinjisi bolar. ABŞ-da satuwlaryň başlamagy 2028-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär.
-
Nissan Skyline: Täze model, ähtimal, sedan kuzowyny saklap galar. Awtoulagyň 3.0 V6 biturbo dwigateli we mehaniki transmissiýasy bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Ýaponiýada önümçilige goýberilmegi geljek ýyl meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, üýtgeşmeler Infiniti premium-brendine hem degişli bolar: 2028-nji ýyla çenli onuň hatary täze sedan we orta ölçegli gibrid krossover bilen üsti ýeter, soňra bolsa ýene iki sany uly SUV peýda bolar, olaryň biri, ähtimal, ramaly bolar.